Mask smartfonlar üçin hemra aragatnaşygyny işe girizer

  • 27.01.2025 11:15
  • 6.3k+

Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy smartfonlaryň Starlink hemralaryna göni birikmegini üpjün etjek Direct To Cell tehnologiýasyny işe girizmäge taýýarlanýar. Bu tehnologiýa öýjükli aragatnaşyk diňlerinden geçip, hemralar arkaly smartfonlaryň arasynda maglumat alyşmaga mümkinçilik berer. Beta synag ýakyn günlerde başlar.

Birinji tapgyrda hyzmat SpaceX-iň hyzmatdaşy bolan T-Mobile operatorynyň abonentleri üçin elýeterli bolar.
Hyzmatyň häzirki wersiýasy diňe tekst habarnamalaryny goldar, ses aragatnaşygy bolsa gijräk peýda bolar.
Bellemeli ýeri, tehnologiýany ulanmak üçin goşmaça enjam gerek bolmaz – ol islendik döwrebap smartfon bilen işlär. Müşderilere eýýäm orbitada bar bolan 300 Starlink hemrasy hyzmat eder.


şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

24.06.2026 07:48
1.6k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....