Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» kitaby özbek dilinde neşir edildi

  • 27.01.2025 11:02
  • 2.1k+

24-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň özbek dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Dabara Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň binasynda geçirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Abdulaziz Kamilow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň, Ýazyjylar birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň, ministrlikleriniň ýolbaşçylary, senatorlar we deputatlar, metbugat neşirleriniň baş redaktorlary, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de türkmen diasporasynyň we özbek KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşlarynda çärä gatnaşyjylar kitabyň özbek dilinde neşir edilmeginiň türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilýändiginiň, iki halkyň dostlugynyň pugtalanýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny belläp geçdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......