Audi RS7 modeliniň 800 at güýjüne çenli kuwwaty bolan täze neslini hödürlemäge taýýarlanýar

  • 26.01.2025 18:16
  • 4.2k+

Audi RS7 modeliniň “zarýadlanan” görnüşini öz içine aljak A7-niň täze nesliniň üstünde işleýär. Modeliň şu ýylyň ahyrynda ýa-da indiki ýylyň başynda peýda bolmagyna garaşylýar. Ilki uniwersal kuzowly wersiýasy (Avant) çykar.

Täze RS7 goşa turbo görnüşli 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisini ýitirer. Munuň ýerine V6 esasly gibrid gurluş ulanylar. Bu karar Audi-niň kem-kemden elektrikleşdirilen güýç gurluşyna geçmek meýilnamasy bilen baglanyşykly.
RS7-niň esasy wersiýasy 725 at güýjüni, has güýçli RS7 Performance-yň öndürijiligi bolsa 800 at güýjüni öndürer. Täze nesil RS5 hem şuňa meňzeş gibrid gurnama alar, ýöne az güýji bilen - 600 at güýji. Işleýşindäki tapawut elektrik bölegini sazlamak arkaly gazanylar. Elektrik komponenti wagtlaýynça 50 at güýjüni artdyryp biler.
Tehnologiki taýdan täze elektrik gurluşy Audi-niň “Formula 1” üçin işläp taýýarlaýyşlary bilen baglanyşykly, onda gibrid V6 taýýarlanýar. Audi F1 awtoulagynyň ilkinji çykmaly wagty 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär,  täze RS7-iň çykmaly wagty hem şoňa gabatlanylar.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......