Ýer Güni örtýär: Blue Ghost Aý moduly orbitadan ilkinji wideosyny iberdi

  • 26.01.2025 16:14
  • 6.1k+

Amerikan Blue Ghost Aý moduly kosmosdan ilkinji wideosyny iberdi diýip, Space.com habar berýär.

2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda uçurylan bu enjam Firefly Aerospace kompaniýasyna degişlidir. Häzirki wagtda Blue Ghost Ýeriň töweregindäki orbitada ýerleşýär. Ol Ýeriň magnit meýdany bilen Günüň şemallarynyň arasyndaky özara täsiri öwrenýär.
Ýeriň Günüň öňüni tutup, Gün tutulmasyny döredýän pursadyny modul ýazga geçirmegi başardy.
Blue Ghost 10-njy fewrala çenli Ýeriň orbitasynda bolar, şondan soň Aýyň orbitasyna geçer. Blue Ghost kosmos enjamynyň 2025-nji ýylyň 2-nji martynda, Aýdaky Krizisler Deňziniň töweregine gonmagy meýilleşdirilýär.


22.03.2026 16:34
3.4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.1k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...