Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär

  • 25.01.2025 19:30
  • 8.8k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Serdar Berdimuhamedow içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......