ChromeOS-da ýüzüň hereketi bilen kursory dolandyrmak mümkinçiligi döredildi

  • 25.01.2025 19:13
  • 3k+

Google ChromeOS-a ulanyjylar üçin amatly we platformanyň elýeterliligini ýokarlandyrýan birnäçe täze aýratynlyklary  girizdi. Şolardan biri, kompýuteri ýüzüň mimikasy (hereketi) arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Bu emeli aň esasly aýratynlyk, hereket ukyby çäkli adamlara niýetlenip, 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda tanyşdyrylypdy. Bu aýratynlyk indi has giň ulanyjylar köpçüligi üçin elýeterli boldy. Täze aýratynlygy ulanmak üçin 8 GB ýa-da ondan köp operatiw ýat (RAM) bilen üpjün edilen Chromebook enjamlary zerur bolup durýar.
Mugallymlar we okuwçylar üçin niýetlenen noutbuklardan başga-da, Google «Class Tools» atly täze ChromeOS aýratynlyklar toplumyny hödürledi. Täze aýratynlyklar okuwlarda bilim bermek üçin niýetlenendir. Bu serişdeler mugallymlara şol bir wagtda okuwçylaryň noutbuklarynyň ekranlaryny dolandyrmaga, olaryň enjamlarynyň ekranlarynda mazmunlary görkezmäge, olar üçin subtitrleri ýa-da terjimeçi programmalary işjeňleşdirmäge, okuwçylaryň ýerine ýetiren öý işlerine uzakdan gözden geçirmäge we okuwçynyň işini tutuş synp bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 04:00
1.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
852

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
905

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...