“Türkmenpoçta” Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna biriger

  • 25.01.2025 16:16
  • 5.4k+

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasyny Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdiriler. Bu baradaky teklibi anna güni Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolup durýar. Bu gurama tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş amallaryny ýeňilleşdirmek üçin ähli poçta operatorlary tarapyndan “International Postal System” (IPS) atly sanly ulgamyň ulanylmagy göz öňünde tutulan. Ulgam poçtany dessin dolandyrmaga we elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän programma üpjünçiliklerini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň bellenen poçta operatorlarynyň ulgama birikdirilmegi onuň halkara derejede bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we elektron söwdany ösdürmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutany teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 11:28
487

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......