Dutar bilen bitboksyň utgaşmasy: Aşgabatda Broadway & Beyond taslamasynyň jemleýji konserti geçirildi

  • 25.01.2025 16:06
  • 5.1k+

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň "Broadway and Beyond" atly konsertleriniň jemleýjisi bolup geçdi.

Öň, TmCars Türkmenistanyň dört şäherinde geçiriljek bu konsertler barada habar beripdi. Konsertler 16-24-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Daşoguzda geçirildi. Giriş tölegsiz boldy.
Konsertlerde amerikaly artistler Keýt Bass, Aaron Ýang we Riçard Staýgner, şeýle hem türkmen aýdymçylary Döwran Şammyýew, Munisa Hudaýbergenowa we Maýsa Nyýazowa çykyş etdi.
Çykyşlarda "Moana", "Tarzan", "Anastasiýa", "Zalym" we "Willi Wonka we şokolad fabrigi" ýaly meşhur mýuzikllerden we animasion filmlerden kompozisiýalar ýerine ýetirildi.
Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen aýdymlar iňlis we türkmen dillerinde ýerine ýetirildi.
Riçard Staýgneriň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Söhbet Annamyradowyň ýerine ýetirmeginde dutar bilen bitboksyň utgaşygy diňleýjilerde aýratyn täsir galdyrdy.


düýn 23:16
2.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
5.6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......