ÝB-de energiýa öndürmekde gün energiýasy ilkinji gezek kömürden geçdi

  • 25.01.2025 15:27
  • 1.4k+

Ember howa seljeriş merkeziniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginde gün panelleri umumy elektrik energiýasynyň 11%-ini, kömür bilen işleýän elektrik stansiýalary bolsa 10%-ini öndürdi. Elektrik öndürmekde tebigy gazyň paýy bolsa bäş ýyl bäri yzygider azalyp 16%-e çenli peseldi diýip, The Guardian neşiri habar berýär.

«Bu sepgit örän möhümdir. Kömür – elektrik öndürmegiň iň köne usuly, emma şol bir wagtyň özünde hem iň hapasy. Gün energiýasy bolsa, ösüp barýan ýyldyzdyr» diýip, hasabatyň awtorlarynyň biri Beatris Petrowiç aýdýar.

Hasabatda 2024-nji ýylda kömüri ulanýan 17 ýurduň 16-synda kömrüň paýynyň azalandygy barada bellenilip geçilýär. Ýewropada kömri iň köp ýakýan iki ýurt bolan Germaniýa we Polşa, arassa energiýa çeşmelerine geçiş eden ýurtlaryň hataryna goşuldy.
Şeýle-de hasabatda, tebigy gazdan peýdalanýan 26 ýurduň 14-sinde «gurluşlaýyn pese gaçyşyň» dowam edýändigi barada aýdylýar.
Maglumatlara görä, 2024-nji ýylda gün energiýasynyň kuwwaty 338 GWt-a ýetdi we eger häzirki ösüş depgini saklansa, 2030-njy ýyldaky 750 GWt maksadyna «ýetilip bilner».
Hasabatyň awtorlary batareýalara, akylly hasaplaýjylara hem-de günüň dowamynda üýtgäp durýan we täzelenýän energiýa üpjünçiligini isleg bilen utgaşdyryp biljek beýleki «arassa çeýeligi» üpjün edýän tehnologiýalara maýa goýmaklygy teklip edýärler.


02.06.2026 21:16
5.9k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....