Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

  • 25.01.2025 11:22
  • 3.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Şeýle hem Karara laýyklykda, Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabat bermegine görä, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi kitaphana işiniň dünýä ylmynyň gazananlaryna, ylmy-tehniki ösüşe, milli ýörelgelerimize laýyklykda kämilleşdirilmeginde uly ähmiýete eýe bolar. Hususan-da, kitaphanalaryň gaznasynda saklanylýan neşir önümleriniň hasabyna dürli neşir önümleri, şol sanda has köp okalýan kitaplar, okuw-usulyýet, ylmy edebiýatlar, çeper eserler, ensiklopediýalar, sözlükler neşir ediler hem-de kitaphanalara ýaýradylar. Maksatnamada bellenilen çäreleriň durmuşa geçirilmegi kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini ýokarlandyrmaga we many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, ilatyň ylym öwrenmek, bilim almak mümkinçiliklerini artdyrmaga, Türkmenistanyň halkara derejede kitaphana işi babatdaky maksatlaryny ösdürmäge, Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerinde medeniýet ulgamynyň ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....