Sinner we Zwerew Australian Open-iň finalyna çykdy. Jokowiç şikes sebäpli ýarym finaldan çekildi

  • 25.01.2025 10:15
  • 1.8k+

Anna güni Nowak Jokowiç Australian Open-iň germaniýaly Aleksandr Zwerewe garşy ýarym final oýnundan çekildi. Şikes sebäpli serbiýaly tennisçi birinji setde utulandan soň, oýny dowam etdirmekden ýüz öwürdi.

Metbugat maslahatynda Jokowiç bu ýaryşyň özi üçin Melburn kortunda iň soňky bolup biljekdigini aýtdy.

“Iň soňky Australian Open? Bilmedim, ýöne şeýle bolup biler. Möwsümiň nähili dowam edýändigini göreliň. Men dowam etdirmek isleýärin. Iň gowusy, bu ýere ýene gelmeli we oýnamaly. Meniň ynamym ýok, ýöne eger höwes ýokary bolsa, men siziň ýanyňyza ýene gelerin” – diýip, türgen aýtdy.

Şeýlelikde, finalda Zwerew italiýaly Ýannik Sinner bilen duşuşar. Sinner ýarym finalda amerikaly Ben Şeltony 7:6 (7:2), 6:2, 6:2 hasabynda utupdy. ATP-niň reýtinginde birinji orny eýeleýän Sinner titul üçin esasy dalaşgär boldy.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşyň finaly 26-njy ýanwarda Melburnda geçiriler.
Zenanlaryň arasynda aýgytly oýun bir gün öň, şenbe güni geçiriler. Dünýäniň birinji raketkasy, belarusly Arina Sobolenko WTA-nyň reýtinginde 14-nji orny eýeleýän amerikaly Medison Kiz bilen duşuşar.
Ýarym finalda Sobolenko ispaniýaly Paula Badosany (12) iki setde utdy – 6:4, 6:2. Kiz bolsa dünýäniň ikinji raketkasy, polşaly tennisçi Iga Swýontekden üstün çykdy – 5:7, 6:1, 7:6 (10:8).


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......