«Kalmar oýnuna» Netflix-de bir hepdede 4,9 milliard sagat tomaşa edildi

  • 24.01.2025 15:00
  • 6.4k+

Koreý drama serialy bolan «Kalmar oýnuna» 23-29-njy dekabr aralygyndaky hepdäniň dowamynda, diňe ABŞ-da jemi 4,9 milliard sagat tomaşa edildi. Serialyň ikinji möwsüminiň 26-njy dekabrda çykandygyny, bu hasaplamalaryň tutuş hepdäni öz içine almaýandygyny bellemek gerek. Bu barada Nielsen seljeriş agentligine salgylanyp, Variety neşiri habar berýär.

Şeýlelik bilen, bir hepdäniň dowamynda tomaşa edilmek sagatlarynyň jemi boýunça bu serial 2024-nji ýylyň iň meşhur serialy boldy. Bu görkezijiniň 900 million sagady birinji möwsüme, galan 4 milliard sagady bolsa ikinji möwsüme degişli. Ýene bir belläp geçmeli zat, bu sanlar diňe ABŞ-daky tomaşaçylara degişli. Serialyň dünýä boýunça görkezijileri has ýokarydyr.
Elbetde, tomaşaçylaryň sany 2025-nji ýylda hem artmaga dowam edýär.
Serialyň üçünji möwsüminiň şu ýylyň tomsunda çykmagyna garaşylýar.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....