Ilkinji Wi-Fi nauşnikler ýakynda satuwa çykarylar

  • 24.01.2025 11:18
  • 4k+

XPAN tehnologiýasyny ulanýan ilkinji simsiz Wi-Fi nauşnikleri ýakyn wagtda satuwa çykarylar diýip, Android Authority habar berýär.

XPAN, bu Qualcomm kompaniýasynyň täze simsiz aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Bu tehnologiýa Bluetooth bilen Wi-Fi aragatnaşygyny birleşdirýär we olaryň birinden beýlekisine geçmäge mümkinçilik berýär. Täze tehnologiýa has uzak aralyklarda hem durnukly baglanyşygy üpjün edýär.
Bu tehnologiýanyň 2024-nji ýylda çykmagyna garaşylýardy. Qualcomm kompaniýasy tehnologiýany gaýtadan köpçülige yglan edip, birnäçe hyzmatdaş kompaniýanyň bu tehnologiýa bilen işleýän enjamlary «gaty tiz wagtda» tanyşdyrjakdyklaryny mälim etdi.
XPAN tehnologiýasy 24-bit ses maglumatyny 96 kGz ýygylykda, hiç hili ýitgisiz geçirmegi üpjün edýär we gaty az energiýa sarp edýär. Şeýle hem bu tehnologiýa iň ýokary maglumat geçiriş tizligini we iň kiçi gijikmeleri hödürleýär. Belläp geçsek, bu oýunçylar üçin örän möhüm bolup durýar.
XPAN tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan nauşnikler signalyň çeşmesine bolan aralyga baglylykda Bluetooth bilen Wi-Fi arasynda awtomatiki geçiş edýär.
Takyk çykarylyş senelerini yglan etmese-de, Qualcomm kompaniýasy XPAN bilen işleýän ilkinji enjamlary bazara çykarmak üçin işleriň güýçli depginde dowam edýändigini tassyklady.

düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
5k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......