Ysmaz keselli adam pikir güýji bilen drony dolandyrmagy öwrendi

  • 24.01.2025 11:14
  • 6k+

Alymlar ysmaz keselli adama diňe pikir güýji bilen wirtual kwadrokopteri dolandyrmagyna mümkinçilik berýän BrainGate2 atly neýrointerfeýsi döretdiler. Miçigan we Stenford uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen bu ulgam, beýniniň motor korteksine ýerleşdirilen elektrodlaryň neýron signallaryny okamagy arkaly işleýär diýip, Nature Medicine ýazýar.

Geçirilen barlagda, ysmaz bolan hassa wirtual päsgelçilik zolagynda kwadrokopteri ünsli hereketler bilen üstünlikli dolandyrmagy başardy. Ulgam barmaklaryň hereketlerini tanap, kwadrokopteri dik we keseligine dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Alymlar motor neýronlaryndan gelýän signallaryň göni okalmagy arkaly, dolandyryşyň öňki usullara garanyňda alty esse kämilleşdirilendigini belleýärler.
Bu tehnologiýa diňe bir güýmenje bilen çäklenmän, geljekde ysmaz adamlara uzakdan işlemek ýa-da döredijilik bilen meşgullanmak ýaly mümkinçilikleriň öňüni açýar.


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....