Xiaomi planşetlerde Windows oýunlaryny açmaga mümkinçilik berýän ulgamyny tanyşdyrdy

  • 24.01.2025 11:06
  • 2.3k+

Xiaomi kompaniýasy öz planşetleriniň oýun mümkinçiliklerini ep-esli giňeltdi. Hytaý kompaniýasy Android esasly HyperOS operasion ulgamynda işleýän planşetlerde Windows oýunlaryny açmak üçin niýetlenen “WinPlay” atly ulgam funksiýasyny tanyşdyrdy diýip, Gizmochina habar berýär.

“WinPlay” ulgamy, Xiaomi HyperCore tehnologiýasy esasynda işleýär. Bu tehnologiýa planşetlerde Windows oýunlaryny ýokary öndürijilikli, durnukly şertlerde açmaga mümkinçilik berýän wirtual gurşawy döredýär. Geljekde Xiaomi enjamlarynyň eýeleri Steam we GOG platformalaryndan oýunlary gönümel ýükläp, olary oýnap bilmek mümkinçiligine eýe bolarlar. Ulgam geýmpadlary, klawiaturalary we syçanjyklary, şeýle-de dört oýunça çenli köp oýunçyly režimi hem goldaýar. “WinPlay” titremäni goldaýan Xbox kontrolleri üçin hem optimizasiýa edilendir.
Kompaniýanyň barlaglarynyň netijelerine görä, ulgam işe goýberilende grafiki prosessordaky (GPU) öndürijiligiň ýitgisi diňe 2,9% bolýar. “WinPlay” 8,3 watt energiýany sarp edýär we esasy API-leri işlemek, şekilleri döretmek we buýruklary ýerine ýetirmek üçin resurslary az ulanyp, üç derejeli wirtualizasiýa ulgamyny hödürleýär.
Häzirki wagtda Windows oýunlaryny diňe HyperOS 2 Beta operasion ulgamynda işleýän Pad 6S Pro 12.4 planşetinde işledip bolýar. Bu enjamyň eýeleri ulgamy synap görmek maksady bilen synag programmasyna gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak üçin arza, Xiaomi Community programmasy arkaly iberilýär. Planşetiň operasion ulgamyny iň soňkusyna täzeläp, oýnuň gerekli faýllary ýerleşdirilenden soň ulgamdan peýdalanyp bolýar.
Xiaomi “WinPlay” häzirlikçe diňe oýunlary işledýär, Windows-yň adaty programmalaryny goldamaýar.


04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

05.05.2026 15:24
989

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
934

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......