Sagatda 33 müň km tizlikde güýçli ýeller öwüsýän ekzoplaneta tapyldy

  • 24.01.2025 10:44
  • 4.9k+

Halkara astronomlar topary Gün ulgamyndan uzakda ýerleşýän we üstünde häzirki wagta çenli ölçemek başardan iň güýçli ýeller öwüsýän WASP-127b atly ekzoplanetany tapdylar. Olaryň açyşlary Astronomy & Astrophysics (A&A) ylmy žurnalynda beýan edildi diýip, Reuters habar berýär.

WASP-127b bizden 520 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Bu ekzoplaneta, gaz ägirdi bolup, Ýupiterden birneme uly, ýöne has pes dykyzlykdadyr.
Aslynda, ekzoplaneta ilkinji gezek 2016-njy ýylda ýüze çykaryldy. Ýöne alymlar ýakyn wagtda WASP-127b-niň atmosferasynda, tizligi 33 000 km/s-den hem ýokary bolan aşa güýçli ýelleriň öwüsýändigini anykladylar. Bu tizlik Gün ulgamyndaky ýeliň tizligi iň ýokary hasaplanýan Neptundaky ýeliň tizliginden (1800 km/s) hem has ýokarydyr.
Astronomlar WASP-127b-niň atmosferasyndan geçýän ýyldyzyň şöhlelerini öwrenmek arkaly planetanyň howa şertleriniň kartasyny düzmegi başardylar. Ýewropanyň Günorta Obserwatoriýasynyň äpet VLT teleskopynyň CRIRES+ enjamy, onuň atmosferasyndaky suw buglaryny we ugar gazyny (uglerod monoksidini) ýüze çykarmaga kömek etdi.
Geljekde astronomlar dürli görnüşdäki planetalaryň daşarky howa şertleri barada has köp maglumat ýygnamagy umyt edýärler.


düýn 23:59
1.6k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

17.06.2026 11:37
5k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.8k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......

17.06.2026 10:36
2.1k+

Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar.......