Türkmen hünärmenleri Türkiýäniň döwlet dolandyryş tejribesi bilen tanyşýarlar

  • 24.01.2025 08:57
  • 4.8k+

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerinden we mugallymyndan ybarat wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň işgärleri dolandyryş müdiriýeti edarasynyň çagyrmagy boýunça Ankarada iş saparynda bolýar. 

Sapar Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň işgärleri dolandyryş edarasynyň arasynda adam mümkinçiliklerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakynda 2023-nji ýylda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.
Iş saparyň ilkinji günlerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde Türki dünýäsiniň adam mümkinçiliklerini ösdürmek institutynyň (TIKGE) birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyk Türkiýäniň Milli prezident kitaphanasynda geçip, oňa Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Döwlet gullugy we döwlet dolandyrylyşy akademiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 
Saparyň dowamynda türkmen wekilleri adam mümkinçiliklerini dolandyrmak, howanyň üýtgemegi, Türkiýe Respublikasynyň medeni, ykdysady geljegi ýaly meseleleri goşmak bilen birnäçe umumy sapaklary we okuw maslahatlary diňlärler. 
Türkiýä barlan güni medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan bolan myhmanlar taryhy ýerlere, Stambulyň muzeýlerine aýlandylar.


düýn 19:01
1.4k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......