Dünýäniň iň beýik depesi Ewereste çykmak üçin töleg 15 müň dollara çenli gymmatlady

  • 23.01.2025 16:16
  • 8.5k+

Nepalyň häkimiýeti daşary ýurtlular üçin Ewereste çykmak üçin tölegleri ýokarlandyryp, birnäçe çäreleri girizdi. Bu çäreler eňňitleriň zir-zibiller bilen hapalanmagyna we dünýäniň iň beýik depesinde bolup geçýän tötänleýin ýagdaýlara garşy göreşmäge gönükdirilýär diýip, ýurduň hökümetiniň çözgüdine salgylanyp, The Kathimandu Post habar berýär.

Täze düzgünlere görä, daşary ýurtlular üçin belentlige çykmak ýazky möwsümde (mart – maý) 11 müň dollardan 15 müň dollara, güýzki möwsümde (sentýabr – noýabr) 5,5 müň dollardan 7,5 müň dollara, gyşky möwsümde (dekabr – fewral) we ýagyşly möwsüm (iýun – awgust) 2,75 müň dollardan 3,75 müň dollara çenli artdyryldy.
Şeýle-de, Ministrler Kabineti beýikligi 8 müň metrden gowrak bolan ýurduň islendik dagyna, şol sanda Ewereste (günorta depesiniň beýikligi – 8760 m) çykmak üçin her iki alpinistiň ýanynda ýolbelediň bolmalydygyny karar etdi.
Resminama laýyklykda, ýazky möwsümiň gelmegi bilen alpinistler galyndylary gaýtadan işlemek üçin dagyň aşaky etegindäki lagere getirmeli, şeýle-de has ýokary nokatlarda galyndylary ýygnamak üçin bio-dargaýan paketleri ýanynda götermeli bolar.


01.06.2026 13:04
2.8k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.7k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......