Hindi zenany öýde oturan ýerinden we berhiz saklamazdan 37 kg horlandy

  • 23.01.2025 15:38
  • 21k+

Hindistanly blogger Tanuşri gymmat bahaly sport enjamlaryny ulanmazdan we berk berhiz saklamazdan 37 kilogram horlanmagyň hötdesinden geldi diýip, The Times of India neşiri habar berýär.

Çagasyny dünýä inderenden soň ýaş ene gormonal deňagramsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolup, onuň agramy 85 kilograma ýetdi. Tanyş-bilişleriň dynuwsyz bellikleri we öz keşbinden razy bolmazlygy ony emosional çökgünlige eltýärdi.
Fitnes merkezine gatnamaga mümkinçiligi bolmansoň, ugurtapyjy hindi zenany öýüni sport zalyna öwürdi. Ol professional gantelleriň ýerine suw doldurylan plastik çüýşeleri ulanýardy. Her gün bir sagatlap ýerine ýetirýän maşklarynyň düzüminde ýoga, kardio we güýç beriji maşklar bardy.
Iýmitlenişini hem düýpgöter üýtgetdi. Tiz tagamlardan (fast food) we dükan önümlerinden doly ýüz öwürmek onuň sagdyn durmuş ýoluna atlanmagynyň ýene bir ädimi boldy.
Ynam we yzygiderlilik görnetin netijeler getirdi – ol 37 kilogram horlandy. Tanuşriniň iň uly açyşy, özüni başga biri bilen deňeşdirmegiň manysyzdygyny we üstünlik gazanmagyň syrynyň diňe öz saglygy barada alada etmelidigini aňlamagy boldy.
Häzirki wagtda daşky keşbi gaty üýtgän blogger sosial torlarda öz tejribesini paýlaşyp, beýleki adamlara güýçli türgenleşiksiz we berk iýmit çäklendirmesiz nädip horlanmaly diýlen temalarda goldaw berýär.


18.06.2026 22:08
3k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......