Gana hasylsyzlyk sebäpli kakao üpjünçiligini gijikdirer: ol dünýäde ikinji uly üpjün ediji

  • 22.01.2025 23:08
  • 8.8k+

Dünýäde iň uly kakao noýbalaryny öndürijileriň biri bolan Gana hasylsyzlyk sebäpli düýpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýurt bu önümden 370 müň tonnanyň bazarlara iberilmegini soňa goýar, sebäbi hasyl soňky 20 ýylda iň pes derejede boldy diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Oba hojalyk ministri wezipesine dalaşgär Erik Opokunyň aýtmagyna görä, häzirki oba hojalyk ýylynda ýurt 550 müň tonnadan az kakao ýygnady. Bu Gananyň eksport borçlarynyň hemmesini ýerine ýetirip bilmejekdigini aňladýar. Ilki 350 müň tonnany soňa süýşürmek meýilleşdirilipdi, ýöne dowam edýän kynçylyklar sebäpli gijikdirme möçberini ýene 20 müň tonna artdyrmaly boldy.
Hasylyň az bolmagynyň sebäbi ýaramaz howa şertleri we kakao agaçlarynyň keseli boldy. Adatça, Gana ýylda 800 müň tonna kakao noýbalaryny öndürýär, ýöne şu ýyl görkezijiler ep-esli peseldi. Bu kynçylyklar Gananyň kakao marketingi boýunça Geňeşiniň halkara guramalardan alnan 800 mln dollar karz boýunça defolt yglan etmegine getirdi.
Gana dünýäde kakao öndürmek boýunça Kot-d’Iwuardan soň ikinji orunda durýar. Ol dünýä bazarynyň 30%-ini emele getirýär. Üpjünçiligiň gijikdirilmegi dünýäde kakao bahalaryna ep-esli täsir edip biler.

şu gün 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

şu gün 11:05
3.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......