Neapolyň golaýyndaky ada auksiona çykaryldy: başlangyç baha €5 mln

  • 22.01.2025 14:30
  • 8.2k+

Tirren deňzindäki Possuoli aýlagynda Neapolyň kenaryna golaý ýerleşýän Punta-Pennata adasy satuwa çykaryldy. Sotheby’s auksion öýi ada üçin başlangyç bahanyň 5 mln ýewrodygyny habar berdi.

Ada hususy emläk bolup, neapolitan maşgalasynyň mirasdüşerlerine degişlidir. Adanyň çäginde ýedi otagly, çakyr saklanýan ýerzeminli we gämi duralgasy bolan gurlup gutarylmadyk jaý bar.
Iki müň ýyl ozal Punta-Pennata rim senatorlarynyň arasynda meşhur bolan ýarymadady. Häzirki wagtda onuň daş-töweregi daýwerleri özüne çekýär, çünki aýlagyň düýbünde kaşaň willalaryň harabalyklary ýerleşýär.
Bakoli kenarýaka şäherçesiniň häkimligi adanyň täze eýesiniň ony ýapyk territoriýa öwürmeginden ýa-da täjirçilik maksatlary, meselem, myhmanhana gurmak üçin ulanyp bilmeginden howatyrlanýar.
Şeýle meýilnamalaryň öňüni almak üçin şäher häkimiýeti adany satyn almak üçin býujet serişdelerini ulanmagy teklip etdi. Ol bu adany jemgyýetçilik seýilgähine öwürmegi meýilleşdirýär. Zerur bolan ýagdaýynda ýerli ýaşaýjylaryň arasynda töleg ýygnamak kampaniýasy yglan ediler.


27.05.2026 01:10
2.6k+

Aşgabatda «Festa della Musica» konserti geçiriler

3-nji iýunda Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Italiýa Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Festa della Musica» («Saz baýramy») atly dabaraly konsert......

26.05.2026 00:48
3.2k+

Ýakyn 20 ýylda italýan garrylary 6,4 trillion ýewro miras goýarlar

«Accenture» kompaniýasy öz hasabatynda ýakyn 20 ýylyň dowamynda Italiýanyň taryhynda iň köp maýa hem emläk geçirilişiniň boljakdygyny habar berýär. Görkezilýän wagt aralygynda italýan pensionerleri öz yzynda......

15.05.2026 15:40
4.2k+

Italiýada dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» ýola goýuldy

Italiýanyň demirgazygynda işläp düzüjiler tarapyndan dünýäde ilkinji «relsiň üstündäki taksi» diýlip atlandyrylýan RailEvo transport ulgamynyň synaglary başlandy. Taslama bar bolan demirýol infrastrukturasynyň......

02.05.2026 14:04
2.1k+

Briksende yşyk we suw festiwaly geçirilýär

Italiýanyň Günorta Tirol sebitindäki Briksen şäherinde täsin yşyk we suw festiwaly dowam edýär. Bu ýylky çäre dünýä parahatçylygyna bagyşlanyp, «Parahatçylygy göz öňüne getir» («Imagine Peace») diýlip......