Kanadanyň täze ilçisi Türkmenistanda işe başlady

  • 22.01.2025 14:13
  • 3.5k+

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şunda Mejlisiň milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işine uly üns berildi. Kanunçylyk ulgamynda tejribe alyşmaga we türkmen-kanada gatnaşyklarynyň ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn mazmunyny düzdi. Kristofer Dagganyň belleýşi ýaly, Kanada Merkezi Aziýa sebitiniň geljegi uly ýurtlary, şol sanda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Türkmenistan bilen köpugurly dialogy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär.
Kanadanyň ilçisi Kristofer Dagga şol gün şeýle hem Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy.
Ilçi diplomatik işini Astana şäherinde oturan ýerinden alyp barar.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
740

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......