Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täzelenen taslamalar hödürlenildi

  • 22.01.2025 02:21
  • 5.9k+

21-nji ýanwarda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça taslamalara bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Bu çäre Türkmenistanda uýgunlaşmak meýilnamasyny işläp düzmek bilen baglanyşykly BMGÖM-niň taslamasynyň çäklerinde guraldy.

BMGÖM-niň halkara hünärmenleri Nikolaý Denisow we Wiktor Nowikow, "Hemmeler üçin klimat hyzmatlary" atly taslamanyň soňky görnüşini hem-de ekoulgamlara esaslanýan uýgunlaşma çäreleri boýunça taslama konsepsiýasyny hödürlediler. Bu taslamalar Ýaşyl Klimat Gaznasyndan maliýe goldawyny almagy maksat edinýär.
Maslahata Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şol sanda Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet weterinariýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stoluň dowamynda hödürlenen taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça indiki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......