«Sonik 3 kinoda» öz franşizasynda iň köp girdeji getiren film boldy

  • 21.01.2025 23:47
  • 2.4k+

Blokbaster «Sonik 3 kinoda» bütin dünýäde jemi 422 million dollar girdeji gazandy. Bu görkeziji 2020-nji ýylda başlan Sonik film seriýasynyň iň gowy netijesidir diýip, Screen Rant habar berýär.

Öňki iň köp girdeji getiren film «Sonik 2» bolup, ol 405 million dollar girdeji gazanypdy. Ilkinji film bolsa 319 million dollar girdeji gazanypdy.
«Sonik 3 kinoda» 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda görkezilip başlandy we ABŞ-da 219 million, beýleki ýurtlarda bolsa 203 million dollar girdeji gazanmagy başardy.
Film Sega kompaniýasynyň wideo oýunlaryna esaslanýar. Täze bölümde Sonik we onuň dostlary täze erbet gahrymanlara, şol sanda kirpi Şedowa garşy göreşýärler. Filmiň baş keşplerini Ben Şwarts, Jim Kerri we Kianu Riwz ýerine ýetirýär. Režissýor hökmünde Jeff Fauwler çykyş edýär.
Film, şu günden başlap internet torunda elýeterli bolar.
Häzirki wagtda Paramount studiýasy dördünji filmiň üstünde işleýär we onuň premýerasynyň 2027-nji ýylda bolmagyna garaşylýar.


şu gün 11:31
1.3k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.7k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
15k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....