Liwermor barlaghanasynda dünýäniň iň ýagty rentgen şöhleleri döredildi

  • 21.01.2025 12:25
  • 2.3k+

ABŞ-daky Liwermor milli barlaghanasynyň (LLNL) alymlary taryhda iň güýçli rentgen çeşmesini döretdiler, ol bar bolan analoglaryndan iki esse ýagty. Täze açyş ylmy barlaglarda, esasanam, termoýadro sintezi pudagynda we aşa gyzgyn plazmany öwrenmekde möhüm üstünlikleri wada berýär diýip, New Atlas ýazýar.

Örän ýagty rentgen şöhleleri atom derejesinde materiallaryň gurluşyny öwrenmek, himiki reaksiýalara hakyky wagtda gözegçilik etmek, biologiki nusgalaryň jikme-jik şekillerini öndürmek we çylşyrymly molekulalary seljermek ýaly ylmy barlaglar üçin peýdalydyr.
Däp bolşy ýaly, rentgen şöhleleri demir nyşana elektron şöhlesini täsir etdirmek arkaly emele gelýär. Bu açyş elektron şöhläniň ýerine lazerleri we adaty metal plastinanyň ýerine kümüş köpükden edilen nyşanany ulanmak arkaly mümkin boldy.
Bu kümüş silindrleriň dykyzlygy adaty kümşüňkiden müň esse pesdir we bir nanosekunta  ýetmän gyradeň gyzýar.
Netijede, 20 000 elektron woltdan ýokary energiýaly rentgen şöhleleriniň çeşmesi boldy.
LLNL bu ösüşiň diňe bir termoýadro birleşmesiniň işleýşine has gowy düşünmäge kömek etmän, eýsem adatdakysyndan has üýtgeşik hereket edýän gaty gyzgyn metal plazmalara täzeçe garamaga mümkinçilik berjekdigini aýdýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....