Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azaldy

  • 20.01.2025 09:56
  • 6.1k+

Hytaýyň ilatynyň sany 2024-nji ýylda 1,39 mln adam azalyp, 1,40828 mlrd boldy.

HHR-iň Döwlet statistika edarasynyň hasabatynda bir ýylda ýutda 9,54 mln adamyň dünýä inendigi we 10,93 mln adamyň ölendigi bellenilýär. Çaga dogluş we ölüm koeffisiýenti 6,77 we 7,76 promille boldy.

“Erkek ilatyň sany 719,09 mln (0,1 göterim azalma), zenan ilatyň sany 689,19 mln adam (üýtgewsiz) diýlip hasaplanylýar” – dýlip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de, ýaş gurluşy hem üýtgeşmelere sezewar boldy: zähmete ukyply ilatyň (16-59 ýaş) paýy 0,4 göterim punkt azalyp, 60,9% boldy. 65 ýaşdan uly adamlaryň sany 1,6% artyp, 220,23 mln adama ýetdi.
Şeýle-de, 2024-nji ýylda şäher ilaty 1,1% artyp, 943,5 mln adam boldy, oba ilaty bolsa 2,5% azalyp, 464,78 mln adama ýetdi.
Hytaýyň ilatynyň azalmagy soňky 60 ýylda ilkinji gezek 2022-nji ýylda bellige alyndy – ol 850 müň adam azaldy. 2023-nji ýylda bu görkeziji ýene 2,08 mln adam azaldy.


düýn 15:38
1.7k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

düýn 14:19
1.2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

20.05.2026 07:31
1.5k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

17.05.2026 15:44
9.1k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....