Nýu-Ýorkda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berildi

  • 19.01.2025 14:07
  • 6.1k+

17-nji ýanwarda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisler zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga bermek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan guralan bu çärä BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň wekili öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtady. Şu ýyl ýurdumyz 1995-nji we 2015-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyny toýlaýar.
Açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýença, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Siwilizasiýalar bileleşigi boýunça Baş sekretaryň ýokary wekili Migel Anhel Moratinos, Baş sekretaryň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň Başlygynyň edarasynyň ýolbaşçysy Aýwor Riçard Fang çykyş etdiler.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda öňe sürlen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen bagly garaýyşlaryny beýan etdiler. Şu ýylda geçirilmeli çäreler barada pikir alyşmalar boldy.
Hususan-da, 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda tagallalary birleşdirmek we ählumumy parahatçylyk medeniýetini berkitmek boýunça geljekki anyk ädimleri işläp düzmek üçin tutuş dünýäden wekilleriň gatnaşmagynda Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça halkara forumynyň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Çäräniň ikinji bölüminde Goşulmazlyk Hereketiniň adyndan Ugandanyň, “77 toparynyň” adyndan Yragyň, Arap toparynyň adyndan Müsüriň, BMG-niň Düzgünnamasyny goramak üçin dostlar toparynyň adyndan Wenesuelanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň we beýleki wekiliýetleriň çykyşlary diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyna esaslanýan “Ýol kartasyny” goldadylar, şeýle-de parahatçylygy goramagyň esasy şerti hökmünde ynanyşykly döwletara we halkara gepleşikleri pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdiler.


şu gün 08:13
1.4k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.8k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
723

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......