Dünýäniň iň çalt robot iti tanyşdyryldy: ol Useýn Boltuň tizligine ýakynlaşdy

  • 18.01.2025 12:59
  • 2.9k+

Hytaýly inženerler dünýäniň iň çalt robot itini döretdiler. Bu modele «Gara babyr 2.1» ady dakyldy. Ony Çžeszýan uniwersitetiniň inženerleri Jingshi Technology we Hangzhou Kaierda Welding Robot kompaniýalary bilen bilelikde döretdiler diýip, IT Home habar berýär.

Robotyň agramy 38 kilogram, beýikligi bolsa 64 santimetrdir. Onuň iň ýokary tizligi 36 km/sag. Deňeşdirsek, iň çalt adam hasaplanýan ýamaýkaly sprinter Useýn Bolt 43,5 km/sag tizlige ýetip, 100 metr aralygy bary-ýogy 9,58 sekuntda geçipdi.
«Gara babyryň» ýokary tizlige ýetmegi birnäçe tehnologiýanyň kömegi bilen mümkin boldy:

  • Guýgensiň yrgyldawaç ýörelgesine esaslanýan aýak gurluşy hereketleriň utgaşygyny üpjün edýär;
  • aýaklarynda ulanylan ýeňil we berk material (uglerod süýümi) hereketi has ýeňilleşdirýär;
  • dyzyndaky ýaýjyklar amortizasiýany ýokarlandyrýar, bu bolsa robotyň ýerden batly böküp, ýeňil hem-de energiýa ýitirmezden ýene ýere gonmagyna mümkinçilik berýär;
  • aýaklarynyň aşagyndaky “krossowkalar” (ýörite aýakgaplar) robotyň ýer bilen tutaşygyny 200% güýçlendirýär.

Alymlar, tebigy hereketleriň mümkinçiliklerinden üstün çykmak üçin, bu roboty kämilleşdirmäge dowam ederler.


şu gün 08:10
3.3k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.1k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......