2024-nji ýylda Ýaponiýa 37 million syýahatçy baryp, 51 milliard dollar girdeji getirdi

  • 18.01.2025 12:41
  • 2.9k+

2024-nji ýylda Ýaponiýa, takmynan, 37 million syýahatçyny kabul etdi. Bu görkeziji 2019-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Şol ýyl 33,4 million adam Ýaponiýany görmäge barypdy. 2024-nji ýyldaky syýahatçylaryň sany 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 47,1% artdy diýip, The Japan Times Ýaponiýanyň milli syýahatçylyk guramasyna salgylanyp habar berýär.

Syýahatçylaryň sanynyň köpelmeginiň sebäpleri, ýapon ýenasynyň hümmetiniň pese gaçmagy we Aziýa ýurtlary, şol sanda Hytaý bilen howa aragatnaşygynyň giňeldilmegidir. Hytaýdan gelen syýahatçylaryň sany iki esse diýen ýaly artdy we 7 milliona ýetdi. Emma muňa garamazdan, bu san pandemiýadan öňki 2019-njy ýylyň derejesinden henizem 27,2% pesdir. Günorta Koreýadan gelen syýahatçylaryň hem sany ep-esli ýokarlandypdyr.
Geçen ýylyň diňe dekabr aýynda Günüň dogýan ýurduna 3,5 million adam baryp görüpdir.
Daşary ýurtly myhmanlaryň umumy çykdajylary $51 milliard bolupdyr, bu bolsa 2023-nji ýyldaky görkezijiden 53,4% ýokarydyr. Iň köp çykdajy edenler Hytaýdan (21,3%), şeýle hem Taýwandan, Günorta Koreýadan, ABŞ-dan we Gonkongdan gelen syýahatçylar bolupdyr.
Ýapon häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli her ýyl 60 million syýahatçyny kabul etmegi maksat edinýär.


şu gün 16:40
970

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
5.9k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......