«Artyk» gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

  • 17.01.2025 12:58
  • 8.6k+

13-nji ýanwarda «Artyk» gümrük nokadynda «Artyk-Lotfabad» gözegçilik-geçiriş ýerinde hereket edýän Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, gümrük, serhet we migrasiýa gulluklarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» we «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň wekilleri we eýran tarapyndan Dargaz şäheriniň häkimi, «Lotfabad»  gümrük nokadynyň başlygy we işgärleri, Lotfabaddaky serhet nokadynyň başlygy we işgärleri hem-de EYR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar «Artyk» (Türkmenistan) we «Lotfabad» (Eýran Yslam Respublikasy) gözegçilik-geçiriş ýerleriniň geçirijilik kuwwatyny we iş wagtyny köpeltmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gümrük serhetlerinden harytlaryň bikanun geçirilmeginiň öňüni almak babatda hyzmatdaşlyk gün tertibiniň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, ygtybarly gümrük barlagyny amala aşyrmak barada meselä üns berildi. 


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....