ABŞ-daky düzgünleşdiriji Twitter-i satyn almakda bolup biljek düzgün bozmalar üçin Masky kazyýete berdi

  • 17.01.2025 11:48
  • 6.8k+

ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasy (SEC) sişenbe güni Ilon Maskyň üstünden kazyýete arza berdi. Düzgünleşdiriji milliarderi 2022-nji ýylda 44 milliard dollara Twitter-i (häzirki X) satyn alanda gymmatly kagyzlar hakyndaky kanuny bozmakda günäleýär. Arzada ol degişli görnüşde habar bermezden, paýnamalardan uly paý almakda aýyplanýar diýip, CNBC habar berýär.

Kanun boýunça maýa goýujy kompaniýanyň paýnamalarynyň 5% -den gowragyny alanda, bu barada 10 günüň içinde halka habar bermelidir. ABŞ-nyň Waşington şäherindäki okrug kazyýetinde gozgalan raýat kazyýet işine görä, Mask öz emlägi barada 10 günden gijikdirip habar beripdir.
SEC şu sebäpli Tesla-nyň we SpaceX-iň ýolbaşçysynyň "maliýe peýdasy baradaky hasabaty bereninden soň satyn alan paýlary üçin, azyndan 150 million dollar kem töländigini" tassyklaýar. Düzgünleşdiriji maýa goýujylar telekeçiniň satyn almalary barada wagtynda bilen bolsalar, paýnamalaryň bahasyny ýokarlandyryp bilerdiler diýip hasaplaýar.
SEC ozal Maskyň ýa-da onuň bilen işleşen başga biriniň Twitter hakyndaky habaryň aýan edilmegi bilen baglanyşykly 2022-nji ýylda gymmatly kagyzlar babatda  galplyklary edendigini-etmändigini derňäpdi.
Geçen aý Mask X-da SEC-iň özünden "parahatçylykly ylalaşyga gelmegi" talap edýändigini, ony 48 sagadyň dowamynda ylalaşmaga  we jerime tölemäge mejbury razy etjek bolýandygyny, ýogsam paýnamalary satyn alandygy üçin "kanunyň köp bölekleri boýunça aýyplamalaryň garaşýandygyny" aýdandygyny ýazdy.
Maskyň aklawçysy Aleks Spiro bu kazyýet işini "galplyk" we "köp ýyllap dowam eden yzarlamalar kampaniýasynyň" netijesi diýip atlandyrdy.
Mask, kazyýete arza berlenden soň, X sosial ulgamynda SEC-i "jezasyz galýan hakyky jenaýatlar köp bolsa-da, şuňa meňzeş zatlara ünsi jemleýän, bütinleý ýykylan gurama" diýip atlandyrdy.


08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.2k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

31.05.2026 13:10
8.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......