Süýji suwda ýaşaýan jandarlaryň dörtden bir bölegine ýitip gitmek howpy abanýar

  • 16.01.2025 15:49
  • 6.8k+

Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (IUCN) ýolbaşçylygyndaky alymlar derýalarda, köllerde we beýleki süýji suw howdanlarynda ýaşaýan janly-jandarlaryň ýagdaýyny ilkinji gezek giňişleýin öwrendiler. Netijeler aladaly – ekologiki ýagdaýlar sebäpli şol görnüşleriň, takmynan, 24%-i ýok bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz.

Nature žurnalynda çap edilen makalada aýdylmagyna görä, barlaglar 23 müň dürli görnüşi öz içine alýar.
Krizisiň esasy sebäpleri hökmünde alymlar şulary belleýärler:

  • suw howdanlarynyň hapalanmagy;
  • bentleriň gurulmagy;
  • senagat we oba hojalygy üçin aşa köp suw ulanylmagy;
  • ýeriň ulanylyşynyň üýtgemegi;
  • zyýanly görnüşleriň köpelmegi we keselleriň ýaýramagy.

Süýji suwlar Ýeriň üstki meýdanynyň 1%-den az bölegini tutýar, emma bize belli bolan janly-jandarlaryň görnüşleriniň 10%-den gowragy üçin ýaşaýyş çeşmesini üpjün edýär. Şoňa görä-de, olar tebigatyň dürlüligini gorap saklamakda möhüm orna eýe bolup durýar.
Alymlar bu ekosistemalary goramak üçin gyssagly çäreleri görmegiň zerurdygyny aýdýarlar. Olar suwlaryň hilini gowulandyrmagy, tebigy baýlyklary ulanmagy düzgünleşdirmegi we zyýanly görnüşler bilen göreşmegi teklip edýärler.

«Geljek nesiller üçin, bu özboluşly dünýäni gorap saklamak üçin biz gyssagly hereket etmeli» diýip, barlagyň awtorlary bellediler.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......