Hytaýda agaç şeklinde dikligine seýilgäh açyldy

  • 16.01.2025 14:19
  • 11k+

Hytaýyň taryhy şäheri Sianda “Heatherwick Studio” tarapyndan döredilen dikligine seýilgäh – syn ediş meýdançasy açyldy. Gülleri we ýapraklary ýada salýan eýwanlary bilen bu bina myhmanlara ajaýyp görnüşlerden lezzet almaga şert döredýär diýip, New Atlas habar berýär.

Sian Agajynyň (Xi’an Tree) beýikligi 57 metrdir. Onuň 56 eýwany we basgançak görnüşindäki baglary bar. Seýilgäh üçin saýlanyp alnan ösümlikler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky dag tundrasyndan çölleşen düzlüklere çenli tebigatyň köpdürlüligini görkezýär. Binanyň iň ýokarsynda bolsa bag ýerleşýär.

“Botanika bagy ýaly, her bölümde ösümlikleriň üýtgeşik görnüşlerini görmek bolýar. Olaryň köpüsi bilen öň tanyş dälsiňiz. Aşakdaky eýwanlarda gezip ýören pyýadalaryň has ýokarsyndan, Sian şäheriniň täze we köne medeniýetleriniň utgaşmasyna syn edip bilersiňiz” diýip, Heatherwick Studio ýazýar.

Agaç şekilindäki bu seýilgäh şeýle-de onuň tutuş töwereginiň dizaýny Sian şäherindäki meşhur terrakota goşunyndan – b.e. öňki 210-209-njy ýyllarda ýasalan hytaý esgerleriniň we olaryň atlarynyň müňlerçe heýkelinden ylham alýar. Gurluşyk wagtynda ýerli ussalar bilen bilelikde 100 müňden gowrak keramiki plitalar taýýarlanypdyr. Dizaýnda Hytaýyň ybadathanalarynyň däp bolan üçeklerini ýada salýan aýratynlyklar hem göz öňünde tutulypdyr.
Taslamanyň düzüminde seýilgähden başga-da, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, açyk meýdançalar, ofisler, myhmanhanalar, şeýle-de köp sanly ýanaşyk seýilgähler we pyýada ýodajyklary bar.


düýn 11:17
4.3k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.2k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....