Türkmen gümrükçileri Dubaýda iş saparynda boldular

  • 16.01.2025 10:52
  • 7.3k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Dubaý şäherinde iş saparynda boldy. Gullugyň habar bermegine görä, bu sapar 2022-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde geçirildi.

Wekiliýetiň agzalary Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal gümrük gullugynyň resmileri bilen duşuşdylar. Halkara gümrük gatnaşyklary departamentiniň direktory Soud Alagrubi Federal gümrük gullugynyň işi we ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasyny durmuşa geçirmekde toplanan tejribe barada gürrüň berdi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek boýunça hyzmatdaşlyk meselesine garadylar. BAE-niň wekilleri bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Hereket meýilnamasynyň taslamasyny teklip etdiler.
Türkmen hünärmenleri şeýle hem Dubaý şäher gümrükhanasyna, Jebel Ali deňiz portuna we Dubaý Gümrük akademiýasyna baryp gördüler.
Jebel Ali deňiz portunyň wekilleri wekiliýetiň agzalaryny gözden geçirmekde, ýük ulaglaryny we konteýnerleri barlamakda ulaglary radioaktiw skanirlemek üçin ulanylýan innowasion ulgam bilen tanyşdyrdylar. Çuň aralaşýan täsiri netijesinde barlagdan geçirilýän zatlar harytlara we azyk önümlerine zeper ýetirmezden düýpli barlanýar hem-de gadagan edilen zatlar kesgitlenýär. Ulgam sagatda 8-15 km tizlik bilen ýöreýän 150 ýük awtoulagyny skanirlemäge ukyplydyr.
Dubaý Gümrük akademiýasyna saparda gümrük işlerini öwretmegiň innowasion usullary, hususan-da göni ýaýlymda howaýy okatmagyň usuly öwrenildi.


düýn 17:31
1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....