Türkmenistanda bilim merkezleriniň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler

  • 16.01.2025 10:38
  • 5.1k+

Türkmenistanda fewral we mart aýlarynda gysga möhletli okuwlary hödürleýär eýeçiligiň ähli görnüşindäki bilim edaralarynda bilim alýanlaryň arasynda Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Bäsleşik üç tapgyrda amala aşyrylar.
Birinji tapgyry 8-nji fewralda bilim merkezlerinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ikinji tapgyry 21-nji fewralda ýerlerdäki ýokary okuw mekdeplerinde we mekdeplerde geçiriler:

  • Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan gatnaşýanlar üçin D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda;
  • Balkan welaýatyndan gatnaşyjylar üçin – Balkanabat şäheriniň tebigy ylymlar dersleri çuňlaşdyryp öwredýän 21-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde;
  • Daşoguz welaýaty boýunça – Türkmen oba hojalyk institutynda;
  • Lebap welaýaty boýunça – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
  • Mary welaýaty boýunça bolsa – Mary şäheriniň Türkmen döwlet energetika institutynda geçiriler.

Üçünji tapgyr 19-20-nji martda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler.
Çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin guramaçylyk topary, baş eminler topary hem-de synçylaryň iş topary döredildi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......