CES 2025-de hödürlenen iň täsin gajetlerden TOP-7

  • 12.01.2025 09:30
  • 4.1k+

Las-Wegasdaky CES 2025 sergisinde innowasion we özboluşly gurluşlar hödürlendi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, myhmanlar adaty bolmadyk we hatda täsin robotlary, haýwanlar üçin aksessuarlary we hojalyk tehnikasyny ýada salýan zarýad beriji gurluşlary görüp bildiler.

Ine, iň gyzykly gurluşlardan 7 sanysy:
1. Yukai Engineering kompaniýasyndan Mirumi – torba berkidilýän leniwes şekilindäki utanjaň robot. Aragatnaşykda ol utanjaň çaga ýaly ýüzüni bukýar.

2. Swippitt kompaniýasyndan toster görnüşindäki zarýad beriji gurluş – telefonyň zarýady gutaran daşky akkumulýatoryny awtomatik taýdan zarýadly akkumulýator bilen çalyşýan gurluş. Ýöne bu diňe daşlygyň içine salynýan akkumulýatorlara degişlidir.

3. Ultrahuman-dan Rare – bahasy 1900 dollar bolan, 18 karat altyndan ýasalan akylly ýüzük. Ol elýeterli modelleriň ähli funksiýalaryny özünde jemleýär, ýöne has kaşaň görnüşde hödürlenýär.

4. LG-den AeroCatTower – hem howany arassalaýan, hem pişikler üçin agaç bolup hyzmat edýän gurluş. Ol ýörite pişikler üçin döredilip, öý haýwanyna oňaýsyzlyk döretmez ýaly howa akymyny awtomatik sazlap durýar – pişik düşege geçse, peselýär, gitse welin, güýçlenýär. Şeýle-de, gurluş pişikleriň agramyna we uky dowamlylygyna gözegçilik edip, maglumatlary LG ThinQ goşundysyna iberýär.

5. Anker-den zarýad beriji kurtka – bu Gün panelini özünde saklaýan dünýäde ilkinji kurtka bolup, gurluşlara USB-C arkaly zarýad berip bilýär.

6. Code 27-den Character Livehouse – emeli aňyň kömegi bilen ulanyjy bilen aragatnaşyk saklaýan 3D anime gyzlarynyň konteýneri. Taslama tiz wagtdan Kickstarter-de çykar.

7. Roborock we Dreame kompaniýalaryndan el-aýakly robot tozan sorujylary – bu gurluşlar predmetleri süýşürip, 6 sm çenli beýiklikdäki päsgelçilikden geçip bilýär.


düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......