Microsoft Hindistanda emeli aňy ösdürmeklige 3 milliard dollar maýa goýar

  • 12.01.2025 01:29
  • 1.9k+

Microsoft Google we Amazon bilen bäsdeşligini güýçlendirip, iki ýylda Hindistanda emeli aňyň (AI) ösüşine 3 milliard dollar maýa goýar. Korporasiýa demir ýol ulaglary, saglygy goraýyş, maliýe hyzmatlary, önümçilik we bilim pudaklarynda işleýän bäş sany iri gurama bilen şertnama baglaşdy. Bu barada TechCrunch çeşmesi habar berdi.

Hususan-da, Microsoft-yň baş direktory Satýa Nadella IndiaAI Mission Datasets platformasynyň üstünde işlemek boýunça Hindistanyň Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim etdi. Kompaniýa maglumatlary ýygnamakda we sintetiki maglumatlary öndürmekde kömek eder.
Şeýle hem Microsoft 2026-njy ýyla çenli 500 000 adama AI tehnologiýalaryny öwretmegi we AI Catalysts öňdebaryjy terjibe merkezini açmagy meýilleşdirýär. Bu merkez oba ýerlerinde innowasiýalary ösdürmäge we 20 hünär institutynda barlaghanalary döretmäge ýardam eder.
Hindistanyň döwlet RailTel kompaniýasy  bu kompaniýa bilen demir ýol ulgamynda bulut tehnologiýasyny we AI-ni ornaşdyrmak üçin bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Apollo Hospitals lukmançylyk boýunça AI kömekçilerini ösdürýär we Hindistanyň Bajaj Finance iri bank däl maliýe kompaniýasy Microsoft-yň AI ulgamlarynyň kömegi bilen her ýylda 18 million dollar tygşytlamaga umyt baglaýar. Upgrad bilim başlangyjy korporatiw AI çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin Microsoft bilen hyzmatdaşlyk edýär.  


02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......