Aprel aýynda Aşgabatda okuwçylaryň arasynda II Halkara matematika olimpiadasy geçiriler

  • 11.01.2025 17:12
  • 6.1k+

2025-nji ýylyň aprelinde Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bu bäsleşige ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň umumybilim berýän mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilip, zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga uly üns berilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça II Halkara olimpiadany geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Belläp geçsek, mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça I Halkara olimpiada 2024-nji ýylyň martynda Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirildi.


23.06.2026 18:58
2.7k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......