Demir adamyň stilinde POCO X7 Pro smartfony hödürlendi

  • 11.01.2025 15:34
  • 6.5k+

Xiaomi kompaniýasy POCO X7 Pro smartfonynyň eksklýuziw wersiýasyny hödürledi. Iron Man Edition modeli Marvel bilen hyzmatdaşlykda döredilip, Demir adama bagyşlandy.

Gurluşyň yzky gapagy Marvel-iň we Ar alyjylaryň logotipleri, şeýle-de Toni Starkyň emeli ýüregini alamatlandyrýan gyzyl halkada Demir adamyň kellesiniň şekili bilen bezeldi.
Gurluşyň stile laýyk ýerine ýetirilen yzky gapagyndan daşary POCO X7 Pro Iron Man Edition komiks döredijisinden giňeldilen haryt toplumyna we degişli interfeýse eýe bolar, ýagny Iron Man UI interfeýsi HyperOS 2 operasion ulgamynyň üstüni ýetirdi.
Aýratynlyklary taýdan ýörite wersiýa adaty POCO X7 Pro-dan tapawutlanmaýar. Smartfon MediaTek Dimensity 8400-Ultra prosessory, 6,67 dýuýmlyk OLED displeýi, 50 Mp goşa kamera we 90 Wt çalt zarýad berşi goldaýan uly batareýa eýe boldy.
Topluma Toni Starkyň reaktorynyň stilinde skrepka (“Toni Starkyň ýüreginiň bardygyna subutnama”), zarýad beriş üçin gyzyl-gara kabel, smartfonyň gyralaryny goraýan we yzdaky suratyň üstüni ýapmaýan bamper bar.
POCO X7 Pro Iron Man Edition 399 dollar baha bilen diňe 12/512 GB wersiýada çykarylýar. Tiraž çäklendirilen. 

şu gün 10:00
1k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2.7k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.8k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3.9k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......