Lenovo çekilip uzaldylýan ekranly ilkinji noutbugyny hödürledi. Bahasy 3500 dollar

  • 11.01.2025 13:27
  • 4.2k+

Las-Wegasda CES 2025 sergisinde Lenovo çekilip uzaldylýan ekranly ilkinji tapgyrlaýyn noutbugy bolan ThinkBook Plus Gen 6-ny bildiriş etdi. Täze önümiň satuwy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde başlar. Modeliň bahasy 3500 dollar diýip, The Verge ýazýar.

Noutbugyň esasy aýratynlygy 2000×1600 piksel durulykda we  120 Hz täzeleniş tizligi bolan 14 dýuýmlyk OLED ekranydyr. Ekrany dikligine 16,7 dýuýma çenli ulaldyp bolýar. Giňeldilen görnüşdäki durulygy 2000×2350 piksel bolar.
Şarnire gurlan motorlar arkaly ulaldyp-kiçeltmek 10 sekunt töweregi wagt alýar. Öndüriji mehanizminiň ekrany 30 müň gezek açyp-ýapmaga we 20 müň gezek  ýokary galdyryp-düşürmäge  ygtybarlydygyny kepillendirýär.
Iň ýokary konfigurasiýasynda enjam Intel Core Ultra 7 Series 2 prosessory, 32 GB DDR5 RAM we 1 TB SSD bilen enjamlaşdyrylandyr. Portlara iki sany Thunderbolt 4 we gulaklygyň porty girýär. Noutbugyň awtonomlygy 66 Wt•s batareýa bilen üpjün edilýär.
Lenovo ThinkBook Plus Gen 6-ny iş we multimediýa üçin öwrülişik çözgüdi hökmünde görkezýär.


düýn 10:31
5.9k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......