“Kalmar oýnunyň” ikinji möwsümi Netflix-de tomaşa sany boýunça ikinji amerikan däl meşhur taslama boldy

  • 11.01.2025 11:33
  • 6.3k+

Koreýanyň “Kalmar oýny” atly ýiti sýužetli serialynyň täze möwsümi çykandan soň 11 günüň içinde 126 million gezek tomaşa edildi. Şüweleňiň bu görkeziji boýunça ol birinji möwsümden soň ikinji orunda durýar diýip, The Wrap ýazýar.

Ikinji hepdesinde serialyň ikinji möwsümi öňkiniň üstüne ýene 58 million tomaşa goşdy.
Iki möwsüm hem akym platformasynyň Amerikan däl taslamalarynyň arasynda meşhurlyk sanawynda birinji orunda durýar. Dowamy çykandan soň birinji möwsüme ýene 13,6 million gezek tomaşa edildi, şondan soň umumy sany 265 milliona ýetdi. Bu Netflix üçin görlüp-eşidilmedik netijedir.
Koreýanyň serialy iň meşhur seriallaryň sanawynda “Wensdeý” (252 million), “Örän geň işleriň” dördünji möwsümi (140 million) we “Monstr: Jeffri Dameriň başdan geçireni (115 million) ýaly taslamalardan öňde durýar.
Ikinji möwsümdäki wakalar birinji möwsüm tamamlanandan üç ýyl soň bolup geçýär. Üçünji möwsümiň 2025-nji ýylda görkezilmegine garaşylýar, ýöne takyk senesi entek yglan edilmedi. Serialyň döredijisi Hwan Don Hýok dowamynyň tomusda ýa-da güýzde çykjakdygyny aýtdy.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....