Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 11.01.2025 11:20
  • 1.4k+

Amerikanyň Režissýorlar gildiýasy (Directors Guild of America, DGA) her ýyl kino we telewideniýe režissýorlygy boýunça gazanylan üstünlikler üçin berýän baýragyna dalaşgärleri yglan etdi.

Çeper kinonyň iň gowy režissýorlarynyň sanawyna şu aşakdakylar girdi:

  • ·Edward Berger – “Konklaw” (Конклав)
  • ·Şon Beýker – “Anora” (Анора)
  • ·Breýdi Korbet – “Brutalist” (Бруталист)
  • ·Jeýms Mengold – “Düýbünden nätanyş” (Никому не известный)
  • ·Žak Odiar – “Emiliýa Peres” (Эмилия Переc)

Ilkinji film üçin dalaşgär görkezildi:

  • ·Şon Wan – “Körpe dogan” (Младший брат)
  • ·Paýal Kapadia – “Bize yşyk bolup görünýän zatlar” (Всё, что нам кажется светом)
  • ·Megan Park – “Meniň baýaky otyrýerim” (Моя старая задница)
  • ·RaMell Ross – “Nikeliň” oglanlary” (Мальчишки из «Никеля»)
  • ·Halwdan Ulman Týondel – “Arman” (Арман)

Gildiýanyň 77-nji baýrak gowşurylyş dabarasy 8-nji fewralda geçiriler.
Geçen ýyl DGA-nyň baş baýragyny “Oppengeýmer” filmi üçin Kristofer Nolan aldy.


düýn 22:06
394

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....