Kristofer Nolan ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baýragyna eýe boldy

  • 14.02.2024 00:41
  • 2.4k+

Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”) çeper filme režissýorlyk etmekde gazanan üstünlikleri üçin karýerasynda ilkinji Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) baýragyny aldy. Bu barada film.ru habar berýär.

Bu kategoriýada Nolanyň bäsdeşleri Martin Skorseze (“Gül Aýynyň ganhorlary”), Ýorgos Lantimos (“Garyplar-betbagtlar”), Greta Gerwig (“Barbi”) we Aleksandr Peýn (“Galdyrylanlar”) boldy.
Iň gowy ilkinji filmi üçin DGA baýragyny Selin Son (“Geçen ömürler”) aldy. Dokumental kategoriýada Mstislaw Çernow (“20 gün Mariupolda”) ýeňiş gazandy.
DGA-nyň statistikasyna görä, DGA-nyň 75 laureatynyň 67-isi režissýorlyk işi üçin soňlugy bilen “Oskar” baýragyny aldy. Geçen ýyl iki baýragyň-da eýeleri Denieller (“Hemme zat hemme ýerde we birbada”) boldy.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......