Kristofer Nolan ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baýragyna eýe boldy

  • 14.02.2024 00:41
  • 2.3k+

Kristofer Nolan (“Oppengeýmer”) çeper filme režissýorlyk etmekde gazanan üstünlikleri üçin karýerasynda ilkinji Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) baýragyny aldy. Bu barada film.ru habar berýär.

Bu kategoriýada Nolanyň bäsdeşleri Martin Skorseze (“Gül Aýynyň ganhorlary”), Ýorgos Lantimos (“Garyplar-betbagtlar”), Greta Gerwig (“Barbi”) we Aleksandr Peýn (“Galdyrylanlar”) boldy.
Iň gowy ilkinji filmi üçin DGA baýragyny Selin Son (“Geçen ömürler”) aldy. Dokumental kategoriýada Mstislaw Çernow (“20 gün Mariupolda”) ýeňiş gazandy.
DGA-nyň statistikasyna görä, DGA-nyň 75 laureatynyň 67-isi režissýorlyk işi üçin soňlugy bilen “Oskar” baýragyny aldy. Geçen ýyl iki baýragyň-da eýeleri Denieller (“Hemme zat hemme ýerde we birbada”) boldy.


02.02.2026 12:53
1.3k+

Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi

San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada ​"Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar. ​Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär...

31.01.2026 18:36
2.7k+

ABŞ-nyň Milli film sanawyna «Başlangyç», «Truman şüweleňi» we ýene 23 film goşuldy

ABŞ-nyň Milli film sanawyna 25 sany täze kinofilm goşuldy diýip, Variety neşiri habar berýär.  Bu sanaw her ýyl täzelenip, oňa medeni, taryhy ýa-da estetiki ähmiýeti bolan, azyndan 10 ýyl mundan ozal düşürilen filmler girizilýär...

29.01.2026 10:13
989

ABŞ-nyň Ssenaristler gildiýasynyň baýragyna dalaşgärler yglan edildi

Amerikanyň Ssenaristler gildiýasynyň (WGA) 78-nji baýragyna dalaşgärleriň sanawy çap edildi. Sylag gowşuryş dabarasy 8-nji martda Los-Anjeles şäherinde geçiriler. Original ssenariler: "Günäliler" («Грешники») "Marti...

20.01.2026 11:53
4.1k+

Hakyky ululygyndaky şäher: Minecraft-da Nýu-Ýorkuň takyk nusgasy gurulýar

Build The Earth taslamasyndan höwesjeňler eýýäm bäş ýyl bäri Minecraft oýnunda 1:1 ölçegde Nýu-Ýorkuň nusgasyny döretmek bilen meşgullanýar. Häzire çenli edilen işler barada wideoda taslamanyň ýolbaşçysy, YouTube blogeri MineFact gürrüň berdi...