2024-nji ýylda Britaniýada aýdym-saz satuwy rekord 2,4 mlrd funt girdeji getirdi

  • 10.01.2025 17:51
  • 2.6k+

2024-nji ýylda Beýik Britaniýada aýdym-saz satuwyndan alnan girdeji 2,4 mlrd funt sterling bolup, rekorda ýetdi. Bu barada Sanly güýmenjeler we bölek söwda assosiasiýasynyň (ERA) maglumatlaryna salgylanyp, Bi-bi-si habar berýär.

Bu görkeziji 2001-nji ýylda ykjam diskleriň meşhurlygynyň iň ýokary derejesinde hasaba alnan öňki rekorddan 200 mln funt köpdür.
Satuwyň esasy paýy Spotify, Apple Music we Amazon Music ýaly akym hyzmatlaryna ýazylmakdan gelýär – olar girdejiniň tas 85%-ini emele getirýär. Winil plastinkalaryň satuwy hem 10,5% ösüş görkezip, 6,7 mln birlige ýetdi.
Ýylyň iň köp satylan albomy Teýlor Swiftiň “The Tortured Poets Department” albomy boldy, ol tas 784 müň nusga tiraž bilen satyldy. Şeýle-de, ilkinji onluga The Weeknd-iň, Sabrina Karpenteriň, Noa Kaanyň, Billi Aýlişiň, Çappell Ronuň, Fleetwood Mac-yň, Charli XCX-iň, Coldplay-iň we Oliwiýa Rodrigonyň albomlary girdi.
Hünärmenler Beýik Britaniýanyň aýdym-saz pudagynyň internet ogurlygy we akym platformalary sebäpli ýüze çykan çökgünlikden soň ahyry “özüne gelendigini” belleýär. Şol bir wagtyň özünde girdejileriň häzirem 2001-nji ýyldaky derejesine ýetmeýändigini bellemek gerek. Şol ýyl inflýasiýany göz öňünde tutmak bilen, pudak häzirki 4 mlrd funt sterlinge deň mukdary gazandy, aýdymçy Daýdonyň albomy bolsa 1,9 mln nusgada satyldy.


düýn 19:18
1.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......