Saglyk ýagdaýyna baha berýän Omnia akylly aýnasy hödürlendi

  • 10.01.2025 17:44
  • 5.3k+

Fransiýanyň Withings kompaniýasy Las-Wegasdaky CES 2025 sergisinde Omnia akylly aýnasyny görkezdi. Täze önüm saglyk görkezijilerini anyklamak we organizmi gowy ýagdaýda saklamak üçin özboluşly bir toplumdyr diýip, The Verge habar berýär.

Omnia bedeni 360 gradus skaner edip, agramy ölçäp, ýüregiň we öýkeniň, madda alyş-çalşygynyň ýagdaýyny seljerip, bedeniň düzümini we başga-da köp zatlary kesgitläp bilýär. Şeýle-de, aýna akylly sagatlar, tonometrler ýa-da hatda akylly krowat ýaly beýleki trekerlerden maglumatlary ýygnaýar. Enjama gurnalan emeli aň alnan maglumatlary seljerýär we iýmitlenme, fiziki işjeňlik we özüňe ideg etmek boýunça maslahatlary berýär.
Mundan başga-da, aýna hakyky lukmanlar bilen aragatnaşyk saklap, olara maslahatlaşmak üçin zerur maglumatlary iberip bilýär.
Haýran galdyryjy mümkinçiliklerine garamazdan, Omnia häzirlikçe diňe konsept bolup galýar. Kompaniýa satuwyň başlajak möhletini aýtmady we hatda önümçilige goýbermek meýilnamasyny yglan etmedi.
Muňa garamazdan, konsepsiýanyň internet arkaly wideo jaň etmek, sesi eşitdirmek, ýürek ýygrylmalarynyň ýygylygyny ölçemek, EKG düşürmek, bedeniň düzümini (ýag/suw/myşsa) kesgitlemek mümkinçilikleri ýaly ösen tehnologiýalary özünde jemländigini bellemek gerek.


düýn 18:51
4.6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....