Müsürde Gadymy patyşalygyň ilkinji nebereleriniň guburlary tapyldy. Bu diýseň seýrek duşýan tapyndy

  • 10.01.2025 17:33
  • 7.9k+

 

Arheologlar Kairiň golaýyndaky Sakkara nekropolynda Gadymy patyşalyk bilen baglanyşykly mazarlary, mastabalary we artefaktlary tapdylar. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berdi.

Sakkara Kairden 25 km uzaklykda ýerleşýär we esasan, III nesilşalygyň faraony Joseriň basgançakly piramidasy bilen meşhurdyr. Ol dünýäde saklanyp galan iň uly daş bina hasaplanýar. Mundan başga-da, Sakkarada ýene 10 piramida saklanyp galypdyr. Miladydan öňki üçünji we dördünji müňýyllyklaryň başynda I nesilşalyk döwründe faraonlar we begza adamlar bu ýerde jaýlanyp başlapdyrlar. Ýönekeý adamlar “mastaba” diýilýän kesilen piramidalarda jaýlanypdyr. Bu söz arap dilinden gelip çykyp, “basgançak”, “seki” diýmegi aňladýar, göçme manyda bolsa “ebedi öý” manysyny berýär.

Müsürli we ýaponiýaly arheologlaryň topary toplumyň gündogar böleginden dört mazar: çig kerpiçden gurlan iki mastaba we gaýada oýulyp salnan iki mazar tapdy. Mazarlaryň birinde aralary hek daşlary bilen ýapylan mazar kamerasyna alyp barýan dik şahta bar. Golaýynda alebastrden ýasalan gap we silindr görnüşli bitin gap tapyldy.
Şeýle hem hek daşyndan edilen möhür tapyldy, ondaky maglumatlara düşünmek we okap bilmek gerek.
Tapyndylar II, III we IV nesilşalyklardan (2847–2687, 2686–2575 we 1550–1292-nji ýyllar) gözbaş alýar. Bu tapyndylar Sakkaranyň meşhur nekropolynyň mazarystan hökmünde has uzak wagtlap ulanylandygyny we ozal pikir edişinden has uzaga, demirgazyk tarapa uzalyp gidendigini görkezýär.
Alymlar gazuw-agtaryş işlerini geljek möwsümlerde dowam etdirerler.
Barlagyň çäklerinde grek-rim katakombalarynda dikeldiş işleri hem geçirildi. Ol ýerden mumiýalanan galyndylar, agaç tabytlaryň bölekleri, terrakota jaýlanyş modelleri, toýun gap-gaçlar we hudaý aýallar Isida bilen Afroditanyň heýkeljikleri tapyldy.
Ministr Şerif Fathi Sakkaradaky gaýalaryň gadymy Müsür siwilizasiýasy barada bilimleri giňeldýän köp syrlara eýedigini belledi.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......