UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Meta korporasiýasynyň müdirler geňeşine girdi

  • 10.01.2025 17:10
  • 6.4k+

Iň abraýly söweş promouşeni bolan UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Meta korporasiýasynyň müdirler geňeşiniň agzasy boldy. Bu barada korporasiýanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Mark Sukerberg Facebook sahypasynda habar berdi.

“Dana Uaýt UFC-ni dünýäniň iň çalt ösýän we iň meşhur sport kompaniýalarynyň birine öwürdi” – diýip, Sukerberg belledi we Uaýta telekeçi hökmünde haýran galýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bloomberg 55 ýaşly Uaýtyň 20-nji ýanwarda wezipä girişjek ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampyň ýakyn egindeşleriniň biridigini belleýär. Mundan öň Meta Trampyň kasam kabul ediş dabarasyna 1 mln dollar bagyş etdi.
Uaýtdan başga-da, Meta-nyň müdirler geňeşine maýadar, Meta-nyň konsultatiw toparynyň agzasy Çarli Songherst, şeýle-de Exor holdinginiň baş müdiri we Stellantis-iň hem Ferrari-niň müdirler geňeşiniň ýolbaşçysy Jon Elkann girdi.
Sukerberg müdirler geňeşiniň täze agzalarynyň kompaniýanyň emeli aň, gajetler we sosial ulgamlar ýaly ugurlarda maksatlara ýetmegine kömek etjekdigini belledi.
Şeýle-de, ol Meta-nyň sosial ulgamlardaky kontentleri dolandyrmak syýasatyna we kontentleri süzmek işine täzeden garamak meýilnamalaryny yglan etdi. Hususan-da, kompaniýa garaşsyz faktçekerleriň hyzmatyndan ýüz öwrer. Mundan başga-da, Meta Facebook-yň, Instagram-yň we Threads-yň algoritmiki lentalaryna syýasy kontentleri gaýtaryp getirer.
Sukerberg bu ädimleri sosial ulgamlarda senzuranyň az bolan wagtyna dolanmagyň zerurlygy bilen düşündirýär, ýöne The Wall Street Journal, The New York Times we The Guardian ýaly uly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri muny ABŞ-nyň saýlanan Prezidentiniň administrasiýasy bilen ýakynlaşmak üçin ýene bir synanyşyk hökmünde görýär. 


19.06.2026 19:38
665

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....