Raşid Meredow ABŞ-nyň ilçihanasyndaky gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy

  • 10.01.2025 17:04
  • 13k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Diplomat ABŞ-nyň öňki prezidenti Jimmi Karteriň aradan çykmagy zerarly gynanç kitabynda ýazgy galdyrdy.

ABŞ-da ozalky prezident Jimmi Karteriň aradan çykmagy bilen baglanyşykly 9-njy ýanwarda milli ýas güni yglan edildi. Şol gün Waşingtonda Jimmi Karteriň Döwlet derejesinde jaýlamak ýas çäresi geçirildi. Jaýlamak çäresine ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýden, saýlanan Prezidenti Donald Tramp, 44-nji Prezidenti Barak Obama, ondan öňki Prezidentler Jorj Buş-kiçi we Bill Klinton gatnaşdy.
30 günüň dowamynda ýurduň çägindäki we daşyndaky döwlet edaralarynda, şol sanda diplomatik wekilhanalarda ABŞ-nyň baýdaklary aşak goýberiler.
ABŞ-nyň 39-njy prezidenti Jimmi Karter 2024-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 100 ýaşynda aradan çykdy. Ol 1977-1981-nji ýyllarda ýurda ýolbaşçylyk edipdi.


24.04.2026 18:54
9.8k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.8k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...