Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

  • 10.01.2025 11:45
  • 10k+

9-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bu topar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi.
Mejlisiň barşynda 
Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşdylara birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da:

  • Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa wise-premýer H.Geldimyradow we Merkezi bankyň başlygy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň we ýadygärlik nyşanyň taslamasyny taýýarlar;
  • Wise-premýer H.Geldimyradow öňde boljak çäreleri geçirmek bilen bagly zerur maliýe işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün eder, wise-premýer B.Amanow ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek çäreleriň guramaçylyk meselelerine zerur bolan ýardamy berer;
  • Oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew baýramçylyk saçaklaryny bezejek naz-nygmatly harytlar, milli tagamlar bilen bagly degişli teklipleri taýýarlar;
  • Azyk önümleriniň gaplarynyň bezeginde ýylyň şygary we nyşany ýerleşdiriler;
  • Wise-premýer B.Annamämmedow çäreleriň geçirilýän günlerinde Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagyny, ýylyň şygary bilen baglanyşykly bezeg işleriniň geçirilmegini üpjün eder;
  • Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Atagulyýew Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasynyň ýokary hilli guralmagyny üpjün eder;
  • Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet edaralary tarapyndan ýubileý ýyly bilen bagly geçiriljek medeni-köpçülikleýin, baýramçylyk çäreleriniň, teatr sahnalarynyň ýokary derejede guralmagyny, şanly senä bagyşlanan maslahatlarda medeniýet bilen bagly ähli meselelere seredilmegini, çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýokary derejede beýan edilmegini üpjün eder;
  • Wise-premýer B.Orazdurdyýewa geçiriljek çäreler bilen bagly halkara ylmy-amaly maslahatlary guramak boýunça degişli teklipleri taýýarlar, ýokary okuw mekdeplerinde şanly senä degişli okuw sapaklaryny yzygiderli gurar. Şunuň bilen birlikde, halkara çäreleriň geçirilýän hem-de myhmanlaryň bolýan ýerlerinde sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyna üns çekildi.
  • Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow halkara çäreler bilen ugurdaş çäreleri guramaçylykly, many-mazmun taýdan ýokary derejede geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagy, olaryň protokol-guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak wezipesini ýerine ýetirer.
  • Halkara çärelere gatnaşmagy göz öňünde tutulýan daşary ýurt wekiliýetleriniň sanawyny anyklamak bilen bagly degişli işleri geçiriler.
  • Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çärelere gatnaşjak myhmanlary ýörite howa gatnawlary bilen getirmek, alyp gitmek, garşy almak we ugratmak işlerini üpjün eder. Şunuň bilen bir hatarda, ýokary hilli aragatnaşyk, internet hyzmatlary guralar, ýokary derejedäki resmi wekiliýet agzalary awtoulaglar bilen üpjün ediler.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, degişli Permana laýyklykda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň guramaçylyk döwlet toparynyň başlygynyň orunbasary bolup durýandygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalaryna göz öňünde tutulýan halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli meseleleri R.Meredowyň üsti bilen utgaşdyrmagy tabşyrdy.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......